HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

Fewral 15, 2023 | 23:57 |3623
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldyAşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
Çeşme: Watan

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Eýranly önüm öndürijileriň sergisi iki goňşy ýurduň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki nobatdaky ädim bolup, geljegi uly birnäçe ugurlar boýunça täze itergi berdi.

Şu gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bar, olara bu sergi ýurdumyzda öz önümlerini görkezmek, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, Türkmenistandaky daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem sergide iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine uly goşandygyny goşýan “Saderat-Iran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Serginiň işiniň üç gününiň dowamynda ykdysady gözden geçirilişe gelýän köpsanly adamlar köptaraply sergi bilen giňişleýin tanyşmaga, özara bähbitler esasynda geljekki meýilnamalary hem-de işewürlik başlangyçlary kesgitlemäge mümkinçilik alarlar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026
Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

Aşgabatda Kids Expo Chess Cup 2026 halkara ýaryşy başlandy

18:12 Awgust 20, 2026