HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Fewral 15, 2023 | 23:59 |20918
Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça  iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan bäsleşik, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça  iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan bäsleşik, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.
Çeşme: Watan

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Şu gün Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip ykrar edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy - ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijileri boýunça iň ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen däp bolan bäsleşik, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýär.

Dabaranyň köpsanly myhmanlaryny muzeýiň öňündäki meýdançada teatr artistleri, medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik toparlary garşyladylar, olaryň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary şu günki dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde türkmen ak öýleri gurnaldy, oba hojalyk önümleriniň we amaly-haşam sungaty eserleriniň, suratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy.

Dabara Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýatyň hem-de etrabyň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, dürli edara-kärhanalardan önümçiligiň öňdebaryjylary, oba zähmetkeşleri, hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, şeýle hem jemgyýetçiligiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň başynda welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň hem-de Aşgabat şäheriniň etraplarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň netijeleri 10-njy fewralda 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna uly taýýarlyk görülýän günlerinde türkmen halkynyň meşhur şahsyýetiniň dogduk mekanynyň şeýle abraýly derejä eýe bolmagy aýratyn guwandyryjydyr.

Dabara tamamlanandan soňra baýramçylyk konserti boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026