HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Fewral 15, 2023 | 23:54 |9848
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we umuman, köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýlek-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we umuman, köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýlek-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň ýurdumyza şu gezekki saparynyň ýangyç-energetika toplumyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we umuman, köpugurly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýlek-de giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, öz gezeginde Russiýanyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda kökleri taryhyň jümmüşine uzap gidýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýedigi bellenildi. Ýokary derejede geçirilýän yzygiderli duşuşyklar, şeýle hem ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy depginli ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Häzirki wagtda, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetka ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda uly mümkinçilikler bar we baý tejribe toplanyldy. Şunda “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşydygy bellenildi. Köpýyllyk bilelikdäki işiň dowamynda hyzmatdaşlygyň ynanyşmaga we özara bähbitleri nazara almaga esaslanan netijeli görnüşi kemala getirildi.

Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegi maksat edinýändigi nygtaldy. Şunda nebitgaz pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak ileri tutulýan ugurlardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller energetika ulgamynda uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hem-de anyk netijelere gönükdirilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026