Eýran kompaniýasy Aşgabat-sitide ýollaryň we tunnelleriň çekilişine gatnaşmaga niýet edinýär


Eýrandan gurluşyk kompaniýasy MAM Beton Aşgabat-sitide awtoulag ýollarynyň we tunnelleriň gurluşygynda gatnaşmaga niýet edinýär – diýip, ORIENT-iň habarçysyna Eýranyň Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen sergisinde gürrüň berdiler.
Kompaniýa eýýäm gurluşygyň geljekki kärendeçilerini kesgitlejek tendere gatnaşýar. Işewürler olaryň teklibiniň bahanyň we hiliň gatnaşygy boýunça iň amatly boljakdygyna ynanýarlar.
MAM Beton – ýurtda ýerasty tunnelleri çeken Eýrandaky ilkinji kompaniýadyr, ol toplanan tejribäni Aşgabat-sitiniň taslamasynyň üstünde işlemekde ulanmaga taýýar – diýip, firmanyň baş ýerine ýetiriji direktory Abbas Mamaşhani aýtdy.
Ýol gurluşygyndan başga-da, MAM Beton Aşgabat-sitini paýtagtyň beýleki etraplary bilen baglanyşdyrýan metrony döretmekde öz hyzmatlaryny hödürlemäge taýýar. 2012-nji ýylda döredilen kompaniýanyň bu ugurdan hem tejribesi bardyr.
Aşgabat-siti — belent ýaşaýyş jaýlaryny we amatly infrastrukturany öz içine alýan ajaýyp binagärlik taslamasydyr. Häzirki wagtda geljekdäki türkmen paýtagtynyň «şäher içindäki şäheriň» çäginde geologiýa gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. «Akylly» gurluşy bolan häzirki zaman ýaşaýyş toplumynyň çäginde 12-35 gatly 180 sany ýaşaýyş jaýlarynda 107 müň adamly ilat ýaşar.
ORIENT habarlar








