«Türkmentelekom» öz hyzmatyny hödürleýär - fiziki serweri kärendesine berýär


«Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasy müşderilere fiziki serweri (dedicated server) kärendesine bermek hyzmatyny hödürleýär.
Hyzmatyň çäklerinde müşderä ýöriteleşdirilen data-merkezde ýerleşdirilen aýratyn fiziki serwer berilýär. Ulanyjy serweriň programma we apparat düzüminiň dolandyrylyşyna doly elýeterliligi alýar, oňa islendik programma üpjünçiligini oturdýar we düzýär. Serweriň kuwwatlygy diňe şol ulanyjynyň taslamasyna sarp ediler.
Öz gezeginde, hasaplaýyş kuwwatlylygy we kanalyň ýokary geçirjiligi berlen serwerde islendik çylşyrymlylykdaky taslamany ýerleşdirmäge – internet-dükanlardan we forumlardan başlap poçta serwerine çenli ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu şeýle hem işiň netijeliligini we öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär, möhüm maglumaty üçünji tarapdan goramaga kömek edýär.
Bölünip berlen serweriň bahasy görkezijilerine baglylykda her aýyna 1968 manatdan 4885 manada çenli aralykdadyr.
«Türkmentelekomyň» data-merkezinde dürli prosessorlary bolan, operatiw ýadynyň göwrümi dürli bolan we HDD/SSD toplaýjyly, şeýle hem IP-salgy mukdary bolan serwerler ýerleşýär. Ulanyjy has amatly nyrh meýilnamasy berilýän hyzmatlaryň bahasyny we hilini deňagramaşdyryp, saýlap alyp bilýär.
Ulanyjylar saýt döretmek islän mahaly sorag ýüze çykýar, haýsy hyzmaty saýlamaly: hosting, VPS ýa-da bölünip berlen serwer. Öz aralarynda olar düzülişleriň mümkinçilikleri, ýadynyň möçberi we bahasy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne olaryň ählisi fiziki serwerde işleýär.
Bölünip berlen serwer goraglylygyň ýokary derejesini talap edýän, VPS serwer ýeterlik bolmaýan halatynda köp sanly adamyň girip görýän iri saýtlaryň eýeleri, saýt-goşundylaryň ýa-da taslamalaryň eýeleri peýdalanýarlar.
Bölünip berlen serweri saýlamak bilen, siz gymmatbahaly enjamy satyn almak üçin çykdajyny aradan aýyrýarsyňyz; hyzmat ediji işgäriň tölegini aradan aýyrýarsyňyz; şeýle hem serweriň gurnaljak jaýyň enjamyna gerekli çykdajyny aradan aýyrýarsyňyz.
ORIENT habarlar








