HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabat we Tähran medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol kartasyny işläp taýýarlar

Fewral 14, 2023 | 21:43 |7525
Sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň medeniýet we uslam ugurdaşlygy ministri Mohammad Mahdi Esmaili bilen duşuşdy.Sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň medeniýet we uslam ugurdaşlygy ministri Mohammad Mahdi Esmaili bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

Sişenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň medeniýet we uslam ugurdaşlygy ministri Mohammad Mahdi Esmaili bilen duşuşdy.

Ministrler Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýunynda Eýrana bolan resmi saparynyň ähmiýetini, onuň dowamynda ylym-bilim gatnaşyklaryny hem-de medeniýet we sungat ulgamynda özara hereketleri işjeňleşdirmäge itergi beren resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigi bellenildi.

Taraplar medeni-ynsanperwer ugrunyň iki halkyň taryhynda, medeniýetinde we däp-dessurlarynda ýakyn özara gatnaşyklara eýe bolan doganlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada bir pikirdediklerini beýan etdiler diýlip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

k7larz2lPFV4CTlLX0m3RjjxDy0g9y-1500x800.jpg

Söhbetdeşler medeniýet, ylym, saz we sungat ulgamynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeler, teleradiogepleşikler we kinematografiýa, kitap we neşirýatçylyk işi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdalygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine giňişleýin garadylar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde bilelikdäki çaralaeriň geçirilmegine, nowruz baýramy mynasybetli özara çäreleriň amala aşyrylmagyna, iki ýurduň medeniýet we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, bu ulgamda şertnama-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem hyzmatdaşlyk etmegiň Ýol kartasyny taýarlamaga üns berildi.

EYR-niň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Aşgabatda bolýan Eýran wekiliýetiniň baştutany bu çäreleriň dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara hormat goýmagy pugtalandyrmak ýolunda nobatdaky anyk ädim hökmünde çykyş edýändigini nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026