Türkmen wekiliýeti "Bütindünýä hökümet sammiti – 2023" gatnaşdy


Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde şu gün Bütindünýä hökümet sammiti – 2023 giň gerimli duşuşyga badalga berildi. Bu sammit “Geljekki hökümetiň keşbi” diýen şygar astynda geçirilýär. Oňa türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşýar.
Bütindünýä hökümet sammiti Dubaýda her ýyl geçirilýän çäredir, ol hökümet işleri we syýasat barada ählumumy derejede gatnaşyklar üçin çäre bolup, innowasiýalar baradaky meselelere aýratyn üns berýär. Sammit hökümet ýolbaşçylarynyň, syýasatçylaryň, seljerijileriň hem-de hususy ulgamyň liderleriniň arasynda bilim alyşmagyň merkezi hökmünde hereket edýär. Ilkinji bütindünýä hökümet sammiti 2013-nji ýylda Dubaýda geçirilipdi we şondan bäri her ýyl guralýar.
Giň gerimli sammitiň dowamynda ýurdumyzyň wise-premýeri, daşary işler ministri R. Meredowyň “Gelejege tarap ýol.. hökümetleriň täsiriniň güýçlenmegi” diýen mejlisiň çäklerinde çykyş etdi.
Wise-premýer butindunýä möçberinde durnukly ösüş wezipelerini ýerine ýetirmekde döwletleriň, halkara guramalaryň tagallalaryny birleşdirmegiň we bu ugrda ününi jemlemegiň zerurdygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan jogapkär döwlet hökmünde bu babatda eýerýän çemeleşmelerini we hereketlerini takyk kemala getirdi we üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonda ileri tutulýan ugurlara aýratyn ähmiýet berlip, bu ugur boýunça ýurdumyzyň goşýan goşandy aýdyň görnüp, ol umumydunýä maksatlarynyň peýdasyna hyzmat edýär.
Şeýle hem wise-premýeriň çykyşynda Türkmenistanyň halkara söwdasynda deňhukuklylygy, adalatlylygy we özara hormat goýmagy berjaý etmäge yzygideri hem-de jogapkärli çemeleşýändigi bellenildi. Şunda biziň ýurdumyz Bütindünýä söwda guramasynyň işine, onuň esas emele getiriji ýörelgelerine eýermäge möhüm orun berýär.
Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň wise-premýeri, daşary işler ministri R.Meredow hemmeleriň dogruçyl we açyk gatnaşyklar arkaly jogapkärçilik we öňdengörüjilik, raýdaşlyk we özara goldaw görkezip, parahatçylyk, döredijilik hem-de ähli halklaryň we döwletleriň abadançylygy üçin özümize bagly ähli işleri ýerine ýetirmelidigini nygtady.








