HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Fewral 13, 2023 | 22:39 |5012
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň pagta hasyly üçin welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, şeýle hem bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Mälim bolşy ýaly, Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edilmegi mynasybetli etrabyň ähli ýaşaýjylaryny ýene-de bir gezek gutlady hem-de şu mynasybetli geçiriljek dabaraly çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi Balkan welaýatynyň häkimine tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen degişli işleriň geçirilýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekdäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026