HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oleg Kononenkonyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna ugradan gutlag haty

Fewral 13, 2023 | 21:55 |4077
Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!Onuň Alyhezreti, 

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Çeşme: Watan

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistan 2023-nji ýyly parahatçylykda, asudalykda hem-de ertirki güne ynam bilen garşy aldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçen ýyl ýurduň agzybirliginiň we jebisliginiň, türkmen halkynyň döwletliligi pugtalandyrmakda, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, 2023-nji ýylda öňde goýlan wezipeleri çözmekde mundan beýläk-de öňe gitmäge taýýardygynyň subutnamasy boldy.

Şunda Size we halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy-Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýolbaşçy bolup alyp barýan işleriňize, parlamentara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we pugtalandyrmak boýunça edýän tagallalaryňyza uly orun degişlidir. Maňa, işime we hünär üstünliklerime berýän hemişelik ünsüňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Bu ünsüňizi mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetmek üçin ylham beriji güýç hökmünde kabul edýärin. Siziň bilen şu ýylda duşuşmaga umyt edýärin we mähriban Watanyma-Türkmenistana ýene-de bir gezek barmaga şatdyryn.

Goý, 2023-nji ýyl Size, Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we rowaçlyk, ildeşlerim-türkmenistanlylara bolsa, parahatçylyk we täze üstünlikleri getirsin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg Kononenko,

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, instruktor, synagçy-kosmonawt, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026