HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýede harabalyklardan halas edilen haýwanlar üçin ykjam hassahanalar gurnaldy

Fewral 13, 2023 | 18:32 |6022
Türkiýede harabalyklardan halas edilen haýwanlara gyssagly kömek guraldy. Haýwan hukuklaryny goramak bioýunça guramanyň işjeň agzalary tarapyndan ejir çeken haýwanlar üçin dört sany göçme hassahana döredildi – diýlip, Türkiýe metbugaty habar berýär.Türkiýede harabalyklardan halas edilen haýwanlara gyssagly kömek guraldy. Haýwan hukuklaryny goramak bioýunça guramanyň işjeň agzalary tarapyndan ejir çeken haýwanlar üçin dört sany göçme hassahana döredildi – diýlip, Türkiýe metbugaty habar berýär.
Çeşme: Drive2

Türkiýede harabalyklardan halas edilen haýwanlara gyssagly kömek guraldy. Haýwan hukuklaryny goramak bioýunça guramanyň işjeň agzalary tarapyndan ejir çeken haýwanlar üçin dört sany göçme hassahana döredildi – diýlip, Türkiýe metbugaty habar berýär.

Türkiýedäki weýran bolan binalaryň harabalyklaryndan halas edijiler diňe bir adamlary däl, eýsem haýwanlary hem çykarýarlar. Gözleg işleri başlaly bäri, harabalyklaryň aşagyndan pişikleriň, itleriň, guşlaryň, şol sanda totyguşlaryň ýüzlerçesi diri çykaryldy. Hatda akwarium balyklaryny hem halas etmek başartdy. Köplenç halatda olaryň eýeleriniň pida bolandygy ýüze çykýar.

Olara dört etrapda emele gelen gyssagly kömek nokatlarynda ilkinji kömek berilýär. Bejergi tamamlanandan soň, olar ulag bilen uly şäherlerde ýerleşýän weterinariýa klinikalaryna iberiler we şol ýerde hünärmenleriň gözegçiliginde bolarlar.

Türkiýede haýwanlaryň aladasy edilýär, köçelerde eýesiz itler we pişikler üçin içi iýmitli we suwly ýörite gaplar bar, ýurduň ýaşaýjylarynyň köpüsi öý haýwanlaryny saklaýar. Ýurt üçin bu agyr günlerde harabalyklarda diňe bir adamlaryň däl, eýsem itleriň hem işleýändigini bellemek gerek. Dört aýakly halas edijiler ýüzlerçe ýaralanan adamlary, şol sanda çagalary hem harabalyklaryň aşagyndan çykarmaga kömek etdiler. Betbagtçylygy gözi bilen gören şaýatlaryň aýtmagyna görä, umumy betbagtlyk adamlary we haýwanlary birleşdirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026