HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi ýer titremesinde ejir çekenlere kömek üçin ýorgan kabul edýär

Fewral 13, 2023 | 15:35 |8953
14-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi bu ýurduň günorta-gündogarynda bolan werançylykly ýer titremede ejir çekenlere kömek üçin ýorganlary kabul edýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň sosial torlarynda ýazdy.14-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi bu ýurduň günorta-gündogarynda bolan werançylykly ýer titremede ejir çekenlere kömek üçin ýorganlary kabul edýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň sosial torlarynda ýazdy.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

14-nji fewralda Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi bu ýurduň günorta-gündogarynda bolan werançylykly ýer titremede ejir çekenlere kömek üçin ýorganlary kabul edýär. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Togan Oral özüniň sosial torlarynda ýazdy.

«Bu 14-nji fewralda söýýänleriňiziň ýüregini ýer titremede ejir çekenlere kömek üçin ugradylan ýorgan bilen ýylat», - diýlip aksiýa gatnaşmaga çagyrýan posterde aýdylýar.

Türkiýe ugradylmak üçin ulanylmadyk, galyň gyş ýorganlary sellofana oralyp kabul edilýär.

Türkiýäniň Türkmenistandaky wiza merkezi şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat ş, G. Kulyýew köç., bina 88. Ýorganlar sagat 13:00 den 17:00-ä çenli kabul edilýär.

Magnitudasy ýedi balldan geçýän güýçli ýer titreme 6-njy fewralda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçdi. Häzirki wagtda tebigy betbagtçylygyň pidalarynyň sany 29 müň 605 adamdan geçdi. Betbagtçylyk zolagyndan 147,9 müň adam başga ýere çykaryldy. Şunuň bilen bir wagtda 3,5 müňden gowrak adam goňşy Siriýanyň çäginde bolup geçen ýer titremäniň pidasy boldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026