Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Aşgabatda ähli aşyk-magşuklaryň gününe bagyşlanan ussatlaryň Ýarmarkasy geçirildi

Fewral 13, 2023 | 11:10 |9616
Ussatlaryň nobatdaky ýarmarkasy «Aşgabat» SDM-de geçdi. Bu gezek gelip görýänlere hödürlenen sowgatlyklar we elde ýerine ýetirilen işler ussatlar tarapyndan ähli aşyk-magşuklaryň gününe taýýarlandy.Ussatlaryň nobatdaky ýarmarkasy «Aşgabat» SDM-de geçdi. Bu gezek gelip görýänlere hödürlenen sowgatlyklar we elde ýerine ýetirilen işler ussatlar tarapyndan ähli aşyk-magşuklaryň gününe taýýarlandy.
Çeşme: ýarmarkany gurnaýjylar tarapyndan berildi

Ussatlaryň nobatdaky ýarmarkasy «Aşgabat» SDM-de geçdi. Bu gezek gelip görýänlere hödürlenen sowgatlyklar we elde ýerine ýetirilen işler ussatlar tarapyndan ähli aşyk-magşuklaryň gününe taýýarlandy.

Tema boýunça edilen harytlar ýönekeý sowgatlar bilen çäklenmäge öwrenişmedik adamlaryň islegini doly kanagatlandyryp bildi. Ýarmarka şeýle hem gelýän adamlary – owadan ýakalary, açara dakylýanlary, oýunjaklary, nyşanjyklary, suratlary we öýde we hojalykda ulanylýan beýleki ownujak zatlary halaýanlary begendirdi.

Ussatlaryň ýarmarkasy Türkmenistanda 2017-nji ýyldan bäri her aýda birnäçe gezek, esasan-da, «Aşgabat» we «Bagtyýarlyk» söwda merkezleriniň çäklerinde geçirilýär. Onda ýurduň ähli welaýatlaryndan el işiniň ussatlary gatnaşýarlar. Oňa tutuş maşgala bolup gatnaşýanlaram bar. Köp çagalar we ýetginjekler, öz ejelerine we enelerine seredip, el işleri bilen meşgullanyp başladylar.

Döredijilik özüňi görkezmäge we özboluşly zatlary oýlap tapmaga mümkinçilik berýär. Ýarmarka gatnaşýanlar bu ýere höwes bilen gelýärler, ussatlaryň işlerinden lezzet alýarlar we öz ýakynlary we dostlary üçin sowgatlary we ýadygärlik sowgatlyklary satyn alýarlar. Ýarmarka köpleri birleşdirýär, wagty ýakymly gurşawda we döredijilik ýagdaýynda geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bu gezekki ýarmarkada hemmeler oňyn hyjuwlydylar: oňa ganaşýan her bir gatnaşyjynyň ýüzüne seredip anyk görüp bolýar - hemmeler durnuklylyk we dürlülik bilen hoşal. Ýarmarka paýtagtyň adaty ýaşaýjylarynyň durmuşyna girmegi başardy we indi ony öz-özünden bolýan zat hökmünde kabul edýärler. Eger-de öňler oňa ajaýyp sergi hökmünde garasalar, häzir – bu öz işiniň ussatlarynyň we höwesjeňleriň öz önümini ýerlemek üçin amatly meýdançasydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026