HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Döwlet işlemeýän gazagystanlylara SMS boýunça boş iş orunlary barada maglumat ugradar

Fewral 13, 2023 | 17:41 |6207
Martyň başynda Gazagystanda döwlet hyzmatyny almagyň täze usuly giriziler – diýip, «Ýewraziýa.Ekspert» analik portaly ýurduň zähmet we durmuş taýdan goraglylyk wise-ministrine salgylanyp habar berýär.Martyň başynda Gazagystanda döwlet hyzmatyny almagyň täze usuly giriziler – diýip, «Ýewraziýa.Ekspert» analik portaly ýurduň zähmet we durmuş taýdan goraglylyk wise-ministrine salgylanyp habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Martyň başynda Gazagystanda döwlet hyzmatyny almagyň täze usuly giriziler – diýip, «Ýewraziýa.Ekspert» analik portaly ýurduň zähmet we durmuş taýdan goraglylyk wise-ministrine salgylanyp habar berýär.

Synag taslamasynyň çäklerinde 23 ýaşdan 35 ýaşa çenli bolan işlemeýän ýaş gazagystanlylara iş üpjünçiligine ýardam etmek boýunça döwlet çäreleriniň teklibi bilen SMS habarnamasyny alarlar.

Her ýaş derejesindeden müň adam habarnama alar.

«Bu habar ugratmanyň synag edilişi, ilatdan yzyna habar almak üçin şeýle edilýär» – diýip, Ordabaýew aýtdy we habarnama alyjylaryň sanawy sosialtoparlaryň 8 dereje boýunça düzüldi diýip nygtady.

SMS habarnamasy 1414 belgisinden geler, ol adamy zähmet biržasynyň elektron portalyna geçirer. Saýtda ol iş gözlemek, okamak, grant almak hyzmatlaryny, şeýle hem zähmet şertnamalarynyň meseleleri boýunça maslahat alyp biler.

Zähmet ministrliginiň wekili SMS habarnamanyň ugradylmagynyň döwlet hyzmatlaryny etmegiň işjeň formatynyň giňeldilmeginiň birinji tapgyrydyr – diýip,gürrüň berdi.

«Indi – dürli döwlet maglumatlar binýadynyň bar bolmagy, maglumatlar ulgamynyň bar bolmagy sebäpli – döwlet adamyň ol ýa-da beýleki ýagdaýa düşendigini görýär we raýatyň gelerine garaşanok, onuň bilen işjeň aragatnaşyga çykýar we siziň ol ýa-da beýleki tölegleri almaga, şu ýa-da beýleki goldaw çäresini almaga hukugyňyzyň bardygyny habar berýär», - diýip, ol düşündirdi we eýýäm 14 müňden gowrak adamyň şu formatda kömek alandygyny sözüniň üstüne goşdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026