HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mekdep okuwçylary takyk ylymlar boýunça halkara olimpiadanyň medalyny gazandylar

Fewral 13, 2023 | 15:26 |9630
Türkmen mekdep okuwçylary matematika, fizika we informatika boýunça okuwçylaryň arasynda geçirilýän Halkara Žautykow olimpiadasynda 2 kümüş medal we 3 bürünç medal gazandylar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.Türkmen mekdep okuwçylary matematika, fizika we informatika boýunça okuwçylaryň arasynda geçirilýän Halkara Žautykow olimpiadasynda 2 kümüş medal we 3 bürünç medal gazandylar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Çeşme: almaty.fizmat.kz

Türkmen mekdep okuwçylary matematika, fizika we informatika boýunça okuwçylaryň arasynda geçirilýän Halkara Žautykow olimpiadasynda 2 kümüş medal we 3 bürünç medal gazandylar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.

Aşgabadyň 86-njy ýöriteleşdirilen mekdebiniň okuwçysy Rahym Agamyradow we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 46-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Dawut Muhammetgurbanow münberiň ikinji basgançagyna çykdylar, paýtagtyň 86-njy orta mekdebinden we S. Türkmenbaşy adyndaky internatyň okuwçysy Kerimguly Bendow we Selim Artykow – üçünji ýeri eýelediler. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň 26-njy orta mekdebiniň okuwçysy Alihan Jumabaýew hem bürünç medalyň eýesi boldy.

Abraýly halkara bäsleşigine 26 ýurtdan 1,2 müňden gowrak okuwçy gatnaşdy. Olaryň 515-i -matematika, 385-i- informatika we 341-i – fizika dersi boýunçagatnaşdylar.

Žautykow olimpiadasy ilkibaşda Russiýanyň we Gazagystanyň mekdepleriniň fizika-matematika synplarynyň okuwçylaryna niýetlenilipdi, ýöne ol basym uly meşhurlyga eýe bolmak bilen, iki ýurduňçäklerinden daşyna çykdy. Bu ýyl oňa Türkmenistanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Gruziýanyň, Belorussiýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Azerbaýjanyň, Mongoliýanyň, Indoneziýanyň, Wýetnamyň we beýleki döwletleriň okuwçylary hem gatnaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026