HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň BILELIKDÄKI JARNAMASY

Fewral 12, 2023 | 22:17 |10798
Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri Bilelikdäki jarnamany kabul etdiler hem-de iki döwletiň dostlukly halklarynyň umumylygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryndan ugur alyp, şu aşakdakylary beýan etdilerTürkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri Bilelikdäki jarnamany kabul etdiler hem-de iki döwletiň dostlukly halklarynyň umumylygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryndan ugur alyp, şu aşakdakylary beýan etdiler
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň BILELIKDÄKI JARNAMASY

Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri Bilelikdäki jarnamany kabul etdiler hem-de iki döwletiň dostlukly halklarynyň umumylygy esasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hem-de çuňlaşdyrmaga çalyşýandyklaryndan ugur alyp, şu aşakdakylary beýan etdiler:

  1. Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň çagyrmagy boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine sapary boldy, saparyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň Iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyklar geçirildi.
  2. Ynanyşmak we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikler wagtynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň tutuş toplumy, şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşmalar geçirildi.
  3. Taraplar Birleşen Arap Emirlikleriniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky tapgyrlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşmaklary barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar saparyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegini goldadylar. Taraplar Türkmenistanda geljegi uly energetika taslamalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmekde, uglewodorod serişdelerini bilelikde işläp geçmekde soňra önümleriň marketing bilen, şeýle hem gazulag düzümlerini ösdürmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ADNOC-yň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Ähtnamanyň düzgünlerini durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
  4. Taraplar energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ibermegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Şu maksatlar bilen, Taraplar nebitgaz ulgamynda, şol sanda maýa goýum işinde bilelikdäki işleri hem-de taslamalary goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar dikeldilýän çeşmeler babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi hem-de bu ugurda dürli başlangyçlary we taslamalary goldamagy ylalaşdylar.
  5. Taraplar energetika ulgamynda, hususan-da, energetika serişdelerini özara bähbitlilik esasynda dünýä bazarlaryna ibermek babatynda ylmy, tehniki hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
  6. Taraplar Türkmenistanyň energetika kuwwatyny ösdürmek hem-de energiýa serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin özara bähbitli ykdysady, hukuk we tehniki şertleriň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar Merkezi we Günorta Aziýa, şeýle hem Ýakyn we Orta Gündogar sebitlerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin energetika serişdelerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.
  7. Iki döwletiň ulag-logistika babatdaky uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Taraplar ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýratyn ähmiýetini bellediler.
  8. Ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de iki döwletiň üstaşyr mümkiçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, Taraplar Hazar we Ýakyn Gündogar sebitleriniň arasyndaky ugur boýunça amala aşyrylýan multimodal ýük daşamalarynyň möhümdigini bellediler.
  9. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýýana myhmansöýerlik hem-de mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we ony Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026