Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň prezidenti bilen duşuşdy

Fewral 11, 2023 | 22:10 |13049
Şenbe güni, 11-nji fewralda iş sapary bilen Abu-Dabi şäherine gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň prezidenti şeýh Mohammed ben Zaid Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşyk Al-Şati köşgünde geçdi.Şenbe güni, 11-nji fewralda iş sapary bilen Abu-Dabi şäherine gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň prezidenti şeýh Mohammed ben Zaid Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşyk Al-Şati köşgünde geçdi.
Çeşme: alkhaleej.ae

Şenbe güni, 11-nji fewralda iş sapary bilen Abu-Dabi şäherine gelen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň prezidenti şeýh Mohammed ben Zaid Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Duşuşyk Al-Şati köşgünde geçdi.

Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow şeýh Merýem bint Abdulla bin Sulaýem Al Falasiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi diýip, WAM habarlar agentligi habar berýär.

1676133373103_1.jpg

Mohammed ben Zaid Al Nahaýýan we Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky ysnyşykly dostlugy, hyzmatdaşlygyň we bilelikde işlemegiň dürli ugurlaryny, şeýle hem ony özara bähbitlere laýyk gelýän has giň gözýetimlerde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda iki dostlukly halkyň ösüşini we rowaçlygyny gazanmak üçin hyzmatdaşlyga hem-de onuň ileri tutulýan ugurlaryna umumy garaýyş bellenildi.

1676133375999_2.jpg

Şeýle hem duşuşyga iki ýurduň ýokary wezipeli adamlary, şol sanda BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň dolandyryjy direktory, BAE-niň howanyň üýtgemegi baradaky ýörite wekili, Masdar kompaniýasynyň başlygy Sultan Ahmed al-Jaber we Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň baş direktory Mohammed Seýf Al-Suweýdi gatnaşdylar.

Türkmen tarapyndan duşuşyga hökümetiň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, BAE-däki ilçi hem-de beýleki ýolbaşçylar gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

Türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow "BMG-niň Dostluk oýunlarynyň hoşniýetli ilçisi" boldy

11:09 Iýul 30, 2026
Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

Ýaponiýada 7,1 derejede ýer titremesi 13 adamyň ömrüni kesdi we infrastruktura uly zyýan ýetirdi

22:30 Iýul 29, 2026
Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

Putin Russiýanyň harby gullukçylarynyň sanyny 25 müň adam artdyrdy

21:00 Iýul 29, 2026