Ýurdumyzdan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi ugradyldy


Ýurdumyzdan Türkiýe Respublikasyna ynsanperwer kömegi ugradyldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň döreden dünýä nusgalyk ýagşy dessurlarynyň mynasyp derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň buýrugyna laýyklykda, degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, harytlar, azyk önümler ejir çeken çagalar üçin gyşky egin-eşikler ynsanperwer kömek hökmünde doganlyk türk halkyna ugradyldy. Güýçli ýer titreme zerarly ejir çeken Türkiýe Respublikasynyň doganlyk halkyna Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ynsanperwer kömeginiň ozal hem iberilendigini bellemeli. Munuň özi doganlyk ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýanydyr.
Kyn günde hemaýat bermek, doganlyk goluny uzatmak türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna hem-de türkmen zenanlarynyň adyndan güýçli ýer titremede ejir çeken çagalara, olaryň maşgalalaryna kömek goldawyň iberilmegi Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda ynsanperwer ýörelgelere möhüm ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Munuň özi ýurdumyzda şunuň ýaly asylly ýörelgeleri üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen doganlyk ýurt üçin kyn pursatlarda kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Türkiýe Respublikasynyň çagalar üçin niýetlenen serişdeleri doganlyk ýurda ugratmak boýunça taýýarlyk işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşildi. Şunuň bilen baglylykda häzirki döwürde güýçli ýer titreme zerarly ejir çeken maşgalalar, olaryň çagalary üçin zerur hasaplanylýan dürli görnüşdäki ýyly egin-eşikler bilen üpjün edilen ýük uçary doganlyk ýurda tarap ugur aldy. Häzirki döwürde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary, şol sanda ýakyn dost-doganlyk ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça işjeňleşmegine möhüm ähmiýet berýär. Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.








