HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidentiniň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Fewral 10, 2023 | 23:42 |7454
10-njy fewralda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpsanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.10-njy fewralda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpsanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidentiniň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

10-njy fewralda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy, Arkadagly Serdarymyzyň ejesi Ogulgerek Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpsanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy öz maşgalasynyň ýagny ýoldaşynyň, oglunyň adyndan, eneleriň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkiýede bolup geçen agyr betbagtçylyk zerarly çuňňur gynanjyny beýan edip, Emine Ärdogana we tutuş türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýlarynyň jennet bolmagyny, bu agyr günleriň geçmegini we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öz ýoldaşynyň, oglunyň hem-de maşgalasynyň adyndan, tutuş türkmen halkynyň adyndan döwletimiz tarapyndan doganlyk türk halkyna goşmaça ynsanperwer kömegiň ugradyljakdygyny, şol sanda tebigy betbagtçylygyň netijesinde ejir çeken çagalar üçin gyşky egin-eşikleriň iberiljekdigini aýdyp, hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy şu agyr pursatda şehit bolanlaryň maşgalalaryna we ýakynlaryna türkmen tarapynyň mundan beýläk-de zerur goldawlary bermäge taýýardygy nynygtady.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan goldaw hem-de medet beriji sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we şu agyr pursatda bildirilýän duýgudaşlygyň we berilýän doganlyk kömeginiň türk halkynyň ruhuny götermekde örän ähmiýetlidigini belledi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirip, ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmaklaryny, zenanlara, çagalara we tutuşdoganlyktürk halkyna parahatçylygy we rowaçlygy dileg etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026