Türkmen halkynyň Milli Liderine Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Milli Majlisi Oliniň Başlygy Rustami Emomaliden gutlag haty gelip gowuşdy


Türkmen halkynyň Milli Liderine Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Milli Majlisi Oliniň Başlygy Rustami Emomaliden gutlag haty gelip gowuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Milli Majlisi Oliniň Başlygy Rustami Emomaliden gutlag haty gelip gowuşdy.
Onda şeýle diýilýär: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňizhem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňizmynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmenistanyň täze döredilen Halk Maslahatyna watandaşlarynyň uly hormatyna hem-de daşary ýurtlarda belent abraýa eýe bolan tejribeli we parasatly döwlet işgäri ýolbaşçy bellenildi. Şeýle hem Täjigistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli mähirli gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň. Gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbidine hil taýdan täze derejä çykarmak üçin Siziň bilen bilelikde tagalla etmäge taýýardyryn. Jenap başlyk, Size berk jan saglyk, mundan beýläk-de üstünlikleri hem-de ähli maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmegini arzuw edýärin.








