HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda beýik şahyr we alym Zahyretdin Muhammet Babyryň 540 ýyllygy bellenip geçiler

Fewral 10, 2023 | 22:56 |12122
Özbegistanda beýik şahyr we alym Zahyretdin Muhammet Babyryň 540-ýyllygyny giňden belläp geçerler. Bu baradaky karar ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekildi – diýip, «Ýangi Uzebkiston» habar berýär.Özbegistanda beýik şahyr we alym Zahyretdin Muhammet Babyryň 540-ýyllygyny giňden belläp geçerler. Bu baradaky karar ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekildi – diýip, «Ýangi Uzebkiston» habar berýär.
Çeşme: news.myseldon.com

Özbegistanda beýik şahyr we alym Zahyretdin Muhammet Babyryň 540-ýyllygyny giňden belläp geçerler. Bu baradaky karar ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan gol çekildi – diýip, «Ýangi Uzebkiston» habar berýär.

Resminama laýyklykda belli özbek döwlet işgäriniň ýubileýini baýram etmek boýunça guramaçylyk komitetini döretmek, çäräniň maksatnamasyny tassyklamak tabşyryldy.

Şeýle hem Zahyretdin Muhammet Babyryň görelde alarlyk durmuşyny we baý mirasyny ýaýratmak maksady bilen, Medeniýet we syýahatçylyk ministrligine Babyr adyndaky Halkara jemgyýetçilik gaznasy bilen birlikde «Babyryň mirasy» atly halkara syýahatçylyk wagyz maksatnamasyny durmuşa geçirmek tabşyryldy, Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrligine 2023/2024-nji okuw ýylyndan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň «taryh»we «geografiýa» ugurlary boýunça bilim alýan talyplar üçin Zahyretdin Muhammet Babyr adyndaky döwlet talyplyk hakyny döretmek tabşyryldy.

Zahyretdin Muhammet Babyryň 540 ýyllygyny baýramçylyk etmegiň çäklerinde bu beýik şahsyýetiöwrenmek boýunça özbek, rus we iňlis dillerinde halkara ylmy elektron platforma we ykjam goşundy dörediler.

Zahyretdin Muhammet Babyr alym-ensiklopediýaçy, döwlet işgäri we zehinli serkerde bolupdyr. Onuň gymmatly ylmy we döredijilik mirasy diňe bir özbek halkynyň milli medeniýetiniň döredilmeginde däl-de, eýsem dünýä edebiýatynyň, ylmynyň we döwletliliginiň döredilmeginde aýratyn orun eýeleýär.

Şahyryň doglan güni – 14-nji fewralda Özbegistanda edebiýatyň, ylmyň we metbugatyň baýramy hökmünde her ýyl bellenilip geçilýär. Babyry öwrenmek babatynda köp ylmy barlaglar geçirilýär, respublikan we halkara ylmy maslahatlary kadaly gurnalýar.

Beýik şahyryň doglan we önüp-ösen ýeri bolan Daşkentde we Andijanda uly ýadygärlikler oturdylandyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026