HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Fewral 09, 2023 | 22:45 |4664
Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik möwsüme—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik möwsüme—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.
Çeşme: Watan

Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik möwsüme—Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle hem uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.

Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder. Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan we Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. Olarda kanunçykaryjy häkimiýetiň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak dalaşgärler ara alnyp maslahatlaşylýar. Dalaşgärleriň hatarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, senagat, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri we beýlekiler bar. Şunuň bilen birlikde, 4-nji fewralda dalaşgärleri bellige almak başlandy, bu çäre 28-nji fewralda tamamlanar.

26-njy martda geçirilmegi bellenen saýlawlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Bu başlangyçlaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň depginli ilerlemegine itergi berdi.

Şunuň bilen baglylykda, öňümizde geçiriljek saýlawlar hem-de dowam edýän dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak çäreleri häzirki Türkmen döwletinde we jemgyýetimizde demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan bu özgertmeleriň mundan beýläk-de dowam etdirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026