HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Putin bilen geçirilen Owganystandaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşdy

Fewral 09, 2023 | 20:05 |8631
Çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Pitin birnäçe ýurtlaryň howpsuzlyk meseleleri boýunça wekilleri bilen owgan meselesine bagyşlanylan duşuşyk geçirdi.Çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Pitin birnäçe ýurtlaryň howpsuzlyk meseleleri boýunça wekilleri bilen owgan meselesine bagyşlanylan duşuşyk geçirdi.
Çeşme: kremlin.ru

Çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Pitin birnäçe ýurtlaryň howpsuzlyk meseleleri boýunça wekilleri bilen owgan meselesine bagyşlanylan duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga RF-niň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Nikolaý Patruşew, şeýle hem onuň kärdeşleri – Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan we Özbegistandan milli howpsuzlyk boýunça geňeşçiler hem-de howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlary gatnaşdylar.

Türkmenistana we Hytaýa Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary wekilçilik etdiler. Hususan-da, maslahatlaşmalara Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Nyýazlyýew gatnaşdy.

Ozal howpsuzlyk boýunça wekiller bäşinji köptaraply duşuşygy geçiripdiler. Ol ýüzbe-ýüz ýagdaýda Moskwada geçirildi. Şeýle maslahatlaşmalaryň dördünji tapgyry geçen ýylyň maýynda Duşenbede, üçünjisi – 2021-nji ýylyň noýabrynda Nýu-Delide geçirilipdi.

Putin daşary ýurtlaryň howpsuzlyk boýunça wekilleri bilen yzygiderli söhbetdeş bolýar. Geçen sentýabrda we oktýabrda onuň GDA döwletleriniň howpsuzlyk edaralarynyň we ýörite gulluklarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary boldy. Şolaryň barşynda hem Owganystandaky ýagdaýlara deglip geçildi.

RF-niň prezidenti nobatdaky duşuşygy açyp, häzir dünýäde dartgynly ýagdaýlaryň, “şol sanda Ukraina tarapda” dartgynlygyň köpdügini belledi.

— Biz muňa oňat düşünýäris, ynsabymyzyň öňünde borçlanýarys. Ýöne, bu Owganystandaky ýagdaýlaryň ähmiýetini peseltmeýär, ol biziň üçin hemişe möhüm bolupdy, häzirki wagtda bolsa iki esse möhümdir, sebäbi biz günorta serhetlerimizde ýene-de nähilidir bir dartgynlylyklaryň ýüze çykmagyny islemeýäris – diýip, Putin aýtdy.

Ol Owganystanda millionlarça adamlaryň hökmany ýagdaýda ynsanperwer kömegine mätäçdiklerini belledi. “Ýagdaýlar örän çylşyrymly, ýöne, biz çözgütleriň tapylmagy üçin hemme işleri edýäris. Biz Kabulda Owganystanyň ýolbaşçylary bilen gatnaşyklary ýola goýduk. Ykdysadyýetdäki ýagdaýlary durnuklaşdyryp biljek iri ykdysady taslamalary amala aşyrmagyň oňat meýilnamalarynyň bardygyny bilýäris” diýip, RF-niň baştutany aýtdy. Bu barada Kremliň saýtynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026