HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝTÖB oba hojalygy we azyk önümlerini öndürmek boýunça innowasiýalaryň bäsleşigini yglan etdi

Fewral 09, 2023 | 23:23 |8455
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bäsleşik yglan etdi AgVenture, onuň ýeňijileri öz telekeçilik işlerini meşhur etmek üçin grantlary, maslahat kömeklerini we mümkinçilik alyp bilerler - diýip, ÝTÖB-nyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bäsleşik yglan etdi AgVenture, onuň ýeňijileri öz telekeçilik işlerini meşhur etmek üçin grantlary, maslahat kömeklerini we mümkinçilik alyp bilerler - diýip, ÝTÖB-nyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.
Çeşme: unsplash.com

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bäsleşik yglan etdi AgVenture, onuň ýeňijileri öz telekeçilik işlerini meşhur etmek üçin grantlary, maslahat kömeklerini we mümkinçilik alyp bilerler - diýip, ÝTÖB-nyň ýaýradan maglumatynda habar berilýär.

Bäsleşik oba hojalygynyň we azyk senagatynyň ösüşini höweslendirmäge niýetlenendir. Ol Bankyň maýa goýumlaryny goýmak işleýän ähli ýurtlaryňgatnaşyjylar üçin açykdyr.

Startap-ýeňijiler ÝTÖB-nyň maksatnamasynyň çäklerinde 80 müň ýewro çenli möçberde hususymaslahat goldawyny Star Venture alarlar we goşmaça hyzmatlary, aragatnaşyklary ýola goýmak we şol ugurdan geçirilýän halkara forumlaryna gatnaşmak üçin 10 müň ýewro möçberinde grant alarlar.

AgVenture-niň maksady azyk ulgamlarynyň sezewarbolýan meselelerini çözmegiň ýollaryny tapmakdyr. Olara azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, maksatlaýyn toparlaryň we kiçi kärhanalaryň bütindünýä önümçilik-sarp ediş zynjyryna goşulmagydyr.

Azyk howpsuzlygy dünýäniň ähli ýurtlarynyň öňünde duran iň wajyp meseledir. 2050-nji ýyla çenli ýer togalagynyň ilatynyň 9,6 mlrd adama ýetmegine garaşylýar, bu bolsa oba hojalyk etraplarynda suwuň ýetmezçiligini artdyrar.

ÝTÖB-y täzeçil önümleriň, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň işlenilip taýýarlanmagyna ýardam etmek arkaly bu meseleleriň käbirini çözmek isleýär, şeýle hem azyk önümleriniň önümçiligini has durnukly, netijeli we aýratyn häsiýetli etmek isleýär.

Bank şeýle hem öz müşderilerine korporatiw wençur maýasy diýen maliýeleşdirmäni bermek arkaly startaplary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň goldamaga höweslendirer.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026