HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

China daily: hytaý alymlary akylly telefonlaryň kameralaryny anyklaýyş enjamyna öwürdiler

Fewral 09, 2023 | 16:19 |15669
Hytaý alymlary adaty akylly telefonlaryň kameralaryny çagalarda görüşiň bozulmagyny irki döwürde ýüze çykarýan gurala öwürýän goşundyny işläp düzdüler – diýip, China daily habar berýär.Hytaý alymlary adaty akylly telefonlaryň kameralaryny çagalarda görüşiň bozulmagyny irki döwürde ýüze çykarýan gurala öwürýän goşundyny işläp düzdüler – diýip, China daily habar berýär.
Çeşme: unsplash.com

Hytaý alymlary adaty akylly telefonlaryň kameralaryny çagalarda görüşiň bozulmagyny irki döwürde ýüze çykarýan gurala öwürýän goşundyny işläp düzdüler – diýip, China daily habar berýär.

Üç minudyň dowamynda mulfilmiň şekiline seretmek ýeterlik we Apollo Infant Sight atly ulgam hassanyň görüşini we ýüzüniň alamatlaryny skanirläp, diagnozy kesgitleýär.

Ulgam 85% anyklyk bilen keseliň 16 görnüşini kesgitläp bilýär, şol sanda dogabitdi kataraktany we dogabitdi glaukomany. Testiň netijeleri ýörite goşundyda beýan edilýär we görüşiň bozulmagynyň ýokary töwekgelçiligi ýüze çykarylan halatynda, ol çagany tejribeli göz lukmanlaryna ýollamak barada habar berýär.

Sun Ýatsen Uniwersitetiniň Çžunşan oftalmologik merkeziniň professory Lin Haotýanyň habar bermegine görä, öň bu çylşyrymly meseledi, sebäbi çagalar görüşiň standart testleri mahaly ünsüni başga tarap sowýarlar.

Ulgam bäş sany dürli klinikalarda we dürli şertlerde synag edilip görüldi. Ol saglygy goraýyş işgärleri, ata-eneler tarapyndan başga ýagdaýlary, şol sanda görüşiň serebral bozulmalaryny anyklamak üçin ulanylmaga netijelidigini görkezdi.

Ylmy-barlagçylar topary şeýle hem ulgamyň gizlinligini hem göz öňünde tutdular. Ol hakyky wagt düzgüninde ýüzüň üç ölçegli gurluşynyň tehnologiýasyny işläp düzýär, ol biometriki maglumatlary bozup aýyrmaga mümkinçilik berýär, ýöne garaýşyň häsiýetnamasy we gözüň hereketleri saklanyp galýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

Özbegistanlylar daşary ýurt walýutasyny banklara has köp satyp başladylar

23:30 Iýun 25, 2026
Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

23:20 Iýun 25, 2026
Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder

23:10 Iýun 25, 2026