HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Fewral 08, 2023 | 21:49 |9164
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň
milli baýramy -- Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň,
Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň
milli baýramy -- Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň,
Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň
Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs
ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy -- Ynkylap güni mynasybetli Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara düşünişmegiň we birek-birege goldaw bermegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de ýakyn goňşymyz bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlylygy tassyklap, bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026