HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen gutag hatlar

Fewral 08, 2023 | 21:55 |9243
Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Başlyk!Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Başlyk!
Çeşme: Watan

Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Başlyk!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Siziň tagallalaryňyz netijesinde Türkmenistanyň durnukly ösüş we abadançylyk ýoly bilen ilerlemegini dowam etjekdigine berk ynanýaryn. Şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin. Geçen ýylyň noýabr aýynda Siziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyňyzyň netijeleri boýunça bu gatnaşyklar has-da pugtalandyryldy.

Siziň bilen Aşgabatda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, şeýle hem Size we Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Kim Çžin Phýo, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Munuň özi Siziň Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň we doganlyk halkyň abadançylygynyň bähbidine bitiren bimöçber hyzmatyňyza berlen ýokary bahadyr.

Umumy ruhy gymmatlyklary we dini-medeni kökleri bolan halklarymyzyň erk-islegine esaslanýan azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk häsiýete eýe bolmagy uly kanagatlanma döredýär. Aýratyn-da soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky dürli ulgamlary öz içine alýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk durnukly ösdürilýär hem-de pugtalandyrylýar.

Azerbaýjan-türkmen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň halklarymyzyň bähbidine laýyklykda yzygiderli pugtalandyryljakdygyna we giňeldiljekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sahiba Gafarowa, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy


Onuň Alyhezreti,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýurduňyzda amala aşyrylýan özgertmeler, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan uly üstünlikler we halkyňyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi türkmen halkynyň Size beýik ynam bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Siziň Alyhezretiňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size hem-de Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk we rowaçlyk, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri hem-de Türkmenistanyň bähbidine öňde goýan maksatlaryňyza ýetmegiňizi arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Mark fon Pents,

“John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026