HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystan daşary ýurt raýatlary üçin ýaşamaga rugsat almak düzgünlerini täzeledi

Fewral 08, 2023 | 17:12 |5543
Gazagystan daşary ýurt raýatlarynyň hemişelik ýaşamagy üçin rugsady resmileşdirmegiň düzgünlerini täzeledi – diýip, Gazagystanyň IIM-niň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.Gazagystan daşary ýurt raýatlarynyň hemişelik ýaşamagy üçin rugsady resmileşdirmegiň düzgünlerini täzeledi – diýip, Gazagystanyň IIM-niň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Çeşme: dzen.ru

Gazagystan daşary ýurt raýatlarynyň hemişelik ýaşamagy üçin rugsady resmileşdirmegiň düzgünlerini täzeledi – diýip, Gazagystanyň IIM-niň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Täze girizilen düzgün daşary ýurtlylara Gazagystandaky ýaşaýan ýeriniň salgysyny tassyklamaga we daşary ýurt raýatynyň şahsyýetini we onuň hukuk derejesini tassyklaýan resminama hökmünde daşary ýurt pasportynyň bolmagyny borçlandyrýar. Daşary ýurt pasportynyň hereket edýän möhleti hemişelik ýaşamak üçin ýüz tutma berlen wagtyndan 180 günden az bolmaly däldir.

Şeýle hem wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsat almaga ýaşaýyş jaýynyň eýesiniň özüniň bolmagy, onuň adyndan ynanç hatynyň esasynda hereket edýän şahsyýetiň bolmagy ýa-da jaýyň eýesiniň notarius tarapyndan tassyklanan razylygynyň bolmagy zerurdyr. Üýtgeşmelere görä, razylyk resmileşdirilende görkezilýän salgynyň hasaba alyş kody bolmalydyr.

Gazagystan bilen degişli migrasiýa ylalaşygy bolan döwletleriň raýatlary içerki resminamalary bilen ýurda girip, çykyp, üstaşyr geçip, şeýle hem syýahat edip we respublikanyň içinde wagtlaýyn bolup bilýärler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, bu çäreler daşary ýurt raýatlarynyň bolmadyk salgylarda hasaba alynmagyny aradan aýyrmak, şeýle hem ýüz tutuja hiç hili dahyly bolmadyk salgyda hasaba alynmagyny aradan aýyrmak üçin kabul edildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

Ýewropa Bileleşiginiň «Horizon Europe» maksatnamasynyň çäginde geçirilen okuw maslahaty

20:25 Oktýabr 14, 2026
BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

BMG Ýemendäki ynsanperwer ýagdaýyň has-da ýaramazlaşýandygyny duýdurdy

20:00 Oktýabr 14, 2026
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 5G ulgamy işe girizildi

19:20 Oktýabr 14, 2026