HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenip geçildi

Fewral 08, 2023 | 16:30 |7360
Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dabara geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy Instagramdaky sahypasynda habar berýär.Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dabara geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy Instagramdaky sahypasynda habar berýär.
Çeşme: uza.uz

Daşkentde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, dabara geçirildi – diýip, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy Instagramdaky sahypasynda habar berýär.

Çärä özbek hökümetiniň wekilleri, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Özbegistanda akkreditirlenen ilçihanalaryň we halkara guramalaryň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Özbegistanyň premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Hojaýew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösýän häsiýetini belläp geçdi we geljekde muny has-da ýokarlandyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

«Geçen ýyl biziň gatnaşyklarymyz çuňlaşdyrylan strategiki hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynda ýokary görkezijiler gazanyldy. Soňky ýyllaryň dowamynda özara söwda dolanyşygy 5 esse artdy we bu 1 mlrd dollara golaýlady» – diýip, ol aýtdy.

Myhmanlaryň öňünde meşhur döredijilik toparlary we özbek estradasynyň artistleri çykyş etdiler we oňa gatnaşyjylara hakyky baýramçylygy sowgat etdiler. Sahnada türkmen aýdymlary we beýik şahyrlaryň – Magtymgulynyň we Alişer Nowaýynyň goşgulary ýaňlandy.

Türkmenistan bilen tanyşdyrýan türkmen amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Strategiki häsiýetdäki gatnaşyklaryň berk binýadyny ýokary derejedäki duşuşyklar we iki doganlyk döwletiň arasynda emele gelen açyk we ynamly dialog düzýär – diýip, Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow belledi, hökümetara komissiýanyň mejlisleriniň, işewür toparlaryň duşuşyklarynyň işjeň geçirilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ýubileýi ozal Aşgabatda giňden bellenilip geçildi . Dabara Aşgabatdaky «Daşkent» dynç alyş seýilbagynda geçirildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026