HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: daşarky we içerki bazarda 50 geleşik baglaşyldy

Fewral 08, 2023 | 16:10 |4618
Sişenbe güni, 7-nji fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $38,4 mln amerikan dollaryna we 26 mln türkmen manadyna deň bolan 50 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Sişenbe güni, 7-nji fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $38,4 mln amerikan dollaryna we 26 mln türkmen manadyna deň bolan 50 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Sişenbe güni, 7-nji fewralda Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $38,4 mln amerikan dollaryna we 26 mln türkmen manadyna deň bolan 50 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Owganystandan gelen telekeçiler her tonnasynyň bahasy $545 amerikan dollary bolan suwuklandyrylan gazyň 5 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy $2,7 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Şweýsariýadan we BAE-den gelen telekeçiler söwdalaşyklaryň barşynda her tonnasyna $446,75 amerikan dollaryny teklip edip, az kükürtli ýangyç mazutynyň 80 müň tonnasyny satyn aldylar. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 35,7 mln deň boldy.

BAE-niň wekili nah ýüplügiň 22 müň kg 990 müň türkmen manadyna satyn almak barada geleşik baglaşdy.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler BND 60/90 kysymly nebit ýol bitumynyň 10 müň tonnasyny satyn aldylar, önümiň her tonnasyna 2,5 müň TMT baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy 25 mln TMT deň boldy.

Türkmen işewürleri şeýle hem söwdalaşyklaryň barşynda elde dokalan türkmen halylarynyň 101,8 inedördül metrini 84,4 müň TMT satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026