Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmen halkynyň Milli Liderini gutlady


Onuň Alyhezreti,
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly dostum!
Sizi gatnaşyklarymyzyň taryhyndaky şanly sene – Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary asyrlarboýy parahatçylykda we ylalaşykda ýaşaýan hem-de umumy kökleri bolan garyndaş halklarymyzyň abadançylygynyň we ösüşiniň, şeýle hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm binýady bolup hyzmat edýär.
Siziň Alyhezretiňiziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine we özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylmagyna goşan ägirt uly goşandyňyzy aýratyn nygtamak isleýärin.
Aramyzda ýola goýlan hemişelik açyk we ynanyşykly dialog, döwletara gatnaşyklarymyzyň netijeli mehanizmleriniň döredilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy ähli ileri tutulýan ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýadydyr.
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Siziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyňyz netijesinde Türkmenistan häzirki günde ähli ulgamlarda uly üstünlikleri gazanýar, halkyňyzyň rowaçlygy gün-günden ýokarlanýar, ýurduňyzyň halkara abraýy belende galýar.
Siziň geçen ýylyň 11-nji noýabrynda Samarkantda Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşmagyňyz we “Türki dünýäniň ýokary ordeni” bilen sylaglanylmagyňyz forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy hem-de özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini nobatdaky gezek dünýä äşgär etdi.
Siziň ýurduňyzyň we halkyňyzyň ösüşiniň bähbidine asylly hem-de taryhy başlangyçlaryňyz, uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan strategiýalaryňyz we maksatnamalaryňyz, durmuşa geçiren giň gerimli özgertmeleriňiz nazarda tutulyp ýakynda Siz kanuny taýdan türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildiňiz we Bitarap Türkmenistanyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildiňiz.
Gadymdan gelýän doganlyk, baky dostluk we özara goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de dowam etjekdigine berk ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, asylly işleriňizde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw edýäris.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti








