Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Geçen ýyllaryň dowamynda biziň doganlyk ýurtlarymyz gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýän köpugurly gatnaşyklary ýola goýdular.
Biz ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen netijeli hem-de baý mazmunly gatnaşyklara ýokary baha berýäris. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda köpugurly we uzakmöhletleýin gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine Siziň ägirt uly şahsy goşandyňyzy we hemişe üns berýändigiňizi bellemek gerek.
Bilelikdäki tagallalar arkaly ähli ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn” diýlip, gutlagda bellenilýär.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, abadançylyk we doganlyk özbek halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.








