HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Aziýanyň çagalary” gyş oýunlarynda Türkmenistan sportuň haýsy görnüşleri boýunça çykyş eder?

Fewral 08, 2023 | 02:58 |6827
Türkmen türgenleri 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Kemerowo oblastynda (Russiýa) geçiriljek “Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara sport oýunlarynda figuralaýyn typmak, şort-trek we gar üstünde woleýbol boýunça çykyş ederler.Türkmen türgenleri 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Kemerowo oblastynda (Russiýa) geçiriljek “Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara sport oýunlarynda figuralaýyn typmak, şort-trek we gar üstünde woleýbol boýunça çykyş ederler.
Çeşme: cska.ru

Türkmen türgenleri 23-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Kemerowo oblastynda (Russiýa) geçiriljek “Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara sport oýunlarynda figuralaýyn typmak, şort-trek we gar üstünde woleýbol boýunça çykyş ederler.

Bäsdeşlik maksatnamasy gyşky sport görnüşleriniň jemi on görnüşini öz içine alýar. Türkmenistanly figuralaýyn typyjylar 27-nji fewralda we 1-nji martda gysga programma bilen buza çykarlar.

Ýaryşlar Nowokuznesk şäherindäki " Oleg Korolenkonyň Kuznesk metallurglary arenasy" Sport toplumynda geçiriler.

Şol gün Kemerowo şäherindäki "Kuzbass" Buz köşgünde türkmen şort-trekçileri 500 we 1000 metr aralyga konkili ylgamakda medal ugrunda bäsleşerler.

Garda iň oňat woleýbol toparynyň ady Taştagol raýonynda, has takygy “Şeregeş” dag-lyža toplumynda ýüze çykarylar.

“Aziýanyň çagalary” atly II gyşky Halkara sport oýunlaryna 12 ýurtdan we Russiýanyň sekiz sebitinden 867 türgen gatnaşar. Ýaryşlaryň dowamynda ýaş türgenler baýraklaryň 57 sany toplumy ugrunda bäsleşerler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026