HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Fewral 07, 2023 | 22:05 |5309
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we
Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we
Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik
gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Çeşme: Watan

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Şu ýyllaryň dowamynda taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn doganlyk gatnaşyklarymyz hyzmatdaşlygyň barha täze ugurlaryny gurşap alyp, yzygiderli ösdürildi.

Häzirki günde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mazmunynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna we geljegine, şeýle hem ählumumy ösüşiň meýillerine bolan garaýyşlarda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Türkmenistany we Özbegistany halkara durmuşynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi birleşdirýär. Munuň özi ýurtlaryň halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde ulgamlaýyn esasda ýola goýlan özara gatnaşyklarynda aýdyň ýüze çykýar.

Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary depginli ösdürilýär, özara haryt dolanyşygy yzygiderli artdyrylýar, energetika, ulag-kommunikasiýa we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlyk işjeň giňeldilýär.

Medeni, ylym, bilim ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üstünlikli kämilleşdirilýär. Munuň özi halklarymyzyň ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýär” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlagynda belleýär we Türkmenistan bilen Özbegistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa, mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026