Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Türkmen gazynyň Özbegistana muzdsuz iberilmegi hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanydyr.

Fewral 07, 2023 | 22:45 |5201
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr.
Çeşme: Watan

Türkmen gazynyň Özbegistana muzdsuz iberilmegi hoşniýetli goňşuçylygyň aýdyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy ikitaraplaýyn dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de Özbegistana dost-doganlyk kömegini bermek maksadyna gönükdirilendir. Şunuň ýaly asylly işiň iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna laýyk 30 ýyl dolan gününe gabat gelmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe gutlag hatyny iberdiler. Hatlarda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň üstünlikli kämilleşdirilýändigi, munuň bolsa halklarymyzyň ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagy üçin köpri bolup hyzmat edýändigi nygtalýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026