HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Fewral 07, 2023 | 23:58 |14557
Sişenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, birnäçe ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi hem-de sebitiň meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.Sişenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, birnäçe ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi hem-de sebitiň meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Çeşme: кадры телеканала «Алтын асыр»

Sişenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, birnäçe ýolbaşçylar bilen iş maslahatyny geçirdi hem-de sebitiň meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

1-3.jpg

Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Annageldi Ýazmyradow bugdaý ösüdrilip ýetişdirilýän ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy, gowaça ekişine taýýaarlyk görülişi, şeýle hem derýalarda suwuň durnukly akymynyň üpjün edilişi, olaryň kenarlarynyň berkidilişi we suwaryş ulgamlarynyň arassalanylyşy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow welaýatyň ykdysadyýetiniň senagat ulgamy, şol sanda elektroenergetika pudagy boýunça hasabat berdi.

2-3.jpg

Iş maslahatyna, şeýle hem Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew, Ahal welaýatynyň gurluşygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow we Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew gatnaşyp, prezidente özlerine ynanylan jogapkärli ugurlarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylaryň her birine geljekde ýerine ýetirmeli işler boýunça görkezmeleri berdi hem-de seredilen meseleler boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi.

Prezident Mary welaýatyna saparynyň barşynda sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda gowaça ekişine niýetlenen ýerlerde taýýarlyk işleri alnyp barylýan meýdanlary synlady.

3-1.jpg

Şeýle hem döwlet Baştutany Garagum derýasynyň kenarlaryny berkitmek boýunça geçirilýän çäreleriň barşy bilen tanyşdy. Şol işlerde ýer gazyjy kuwwatly tehnikalar ulanylýar.

4-1.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026