HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: uçar kerosini we esasy ýag uly islege eýe boldy

Fewral 07, 2023 | 12:07 |5504
Duşenbe güni, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Duşenbe güni, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Duşenbe güni, 6-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $16,2 mln amerikan dollaryna deň bolan 8 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den we Özbegistandan gelen işewürler ТС-1 kysymly uçar kerosininiň her tonnasyna $820 amerikan dollary baha kesip, onuň 12 müň tonnadan gowragyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 9,8 mln-a deň boldy.

Owganystandan gelen telekeçi söwdalaşyklaryň barşynda SN-180 kysymly esasy ýagyň (her tonnasynyň bahasy - $760 amerikan dollary), SN-350 kysymly esasy ýagyň (her tonnasynyň bahasy - $795 amerikan dollary) we SN-600 kysymly esasy ýagyň (her tonnasynyň bahasy - $845 amerikan dollary) jemi 8 müň tonnasyny satyn aldy. Baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 6,3 mln-a deň boldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

Oksford Işewürler Topary ilkinji gezek Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky Maýa goýum forumyna gatnaşar

00:15 Sentýabr 16, 2026
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026