HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmegiň tejribesi bilen tanyş boldular

Fewral 07, 2023 | 17:28 |6340
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanda gämi gatnawyna döwlet gözegçilik administrasiýasynyň wekilleri «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» temasyndan okuwa gatnaşdylar. Çäre Bureau Veritas Marine & Offshore sas (BV) fransuz klassifikasiýalaşdyryş jemgyýetiniň ýardam etmeginde Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirildi.

Okuwa gatnaşyjylar deňiz ulagy babatyndaky Halkara deňiz guramasy tarapyndan kabul edilen birnäçe konwensiýalar bilen tanyş boldular. Şeýle hem olar gämileriň howpsuz ýüzmegini üpjün etmek boýunça dürli çäreler we usullar, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak, olaryň tejribede ulanylyş düzgünleri bilen tanyş boldular.

Nazaryýetde alnan bilimleri berkitmek we tejribe edinmek üçin Bautino deňiz portunda gämileriň şahadatnamalaşdyrmak işi görkezildi.

Okuwyň netijeleri boýunça Agentligiň hünärmenlerine «Gämileriň ulanylyşy üçin şahadatnamalaşdyrmak» ugry boýunça degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi we Fransuz Respublikasynyň Bureau Veritas Marine & Offshore sas kwalifikasiýa jemgyýeti Türkmenistanda hasaba alnan gämileri şahadatnamalaşdyrmak boýunça hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin ygtyýar berilmegi baradaky Ylalaşygyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdirýärler.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026