ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi


ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen iri edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.
Mejlisiň dowamyndaky çykyşlarda ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri, şeýle hem 2023-nji ýylyň iş meýilnamasynda bellenilen wezipeler barada maglumat berildi.
Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň we onuň sebit bölümleriniň wekilleri bilen onlarça onlaýn duşuşyklary, geňeşmeler geçirildi. Olaryň barşynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy.
Geçen ýylda Türkmenistanyň wekiliýeti TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky milli toparlarynyň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy. Onda 2024-nji ýyly türkmen halkynyň beýik akyldarynyň we şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky Hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça “Türkmen keşdeçilik sungatyny” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky karar biragyzdan kabul edildi.
Mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşulmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Ýurdumyz geljek nesiller üçin dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy, medeni we tebigy gymmatlyklary gorap saklamak ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýar.
Ýokarda agzalan Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginde bar bolan özboluşly taryhy desgalary--Gadymy Merwi, Köneürgenji we Gadymy Nusaý galasyny seçip aldylar. Olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem “Görogly” şadessany, “Küştdepdi aýdym aýtmak we tans sungaty” we türkmen milli halyçylyk sungaty bolsa Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizildi.
“Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi” atly köptaraplaýyn hödürnama boýunça birnäçe milli ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky teklipler mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.
Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş düzümleriniň wekilleri bilen bilelikde Köýtendag dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasynyň sanawyna, ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” Maksatnamasynyň we “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda “Aram guşaklygyň Turan çölleri” köptaraply hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. “Dünýä hatyrasy” halkara maksatnamasy boýunça gollanma hökmünde “Türkmenistan –ÝUNESKO: ýadygärlikleri bilelikde goralyň!” atly gollanma taýýarlanyldy.
ÝUNESKO-nyň halkara kadalaryna laýyklykda halkymyzyň milli mirasy-- ahalteke atçylygy hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri baradaky Guramasynyň Döredijilik şäherleriniň ählumumy toruna goşmak baradaky meselelere garaldy.
Mejlisde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny, hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Medeni miras --geçmişden geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “Daşky gurşawy goramak – ýaşlarda ekologiýa bilimi we medeniýeti ösdürmek” kafedrasyny döretmek baradaky resminamalaryň taýýarlanylandygy we iberilendigi nygtaldy. Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça işler geçirildi.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň “Parahatçylygyň dilleri” we Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygyň medeniýeti” atly täze klublary açyldy.
Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisiniň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin bölümlerinde, halkara ylmy gatnaşyklaryny giňeltmekde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, sanly taslamalarda we maglumat alyşmalarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm meselelere garaldy hem-de guramaçylyk we beýleki ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.








