Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Fewral 06, 2023 | 22:13 |6517


Türkmenistanyň Prezidenti Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Assada ýurduň demirgazyk-günbatar sebitinde köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we weýrançylyklara getiren ýertitremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.








