HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlar

Fewral 06, 2023 | 22:24 |7254
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Türkmen halkynyň Milli Lideri

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Türkmen halkynyň Milli Lideri

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Türkmen halkynyň Milli Lideri

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy –Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Munuň özi doganlyk Türkmenistanyň halkynyň milli erk-isleginiň, Size belent ynamyň beýanydyr, Siziň durmuşa geçiren oňyn syýasatyňyza, tutanýerli we ýadawsyz tagallalaryňyza berlen ýokary sylagdyr, doganlyk Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi we abadançylygy ugrunda bitiren hyzmatyňyza goýulýan sarpadyr.

Taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk gatnaşyklary biziň halklarymyzy birleşdirýär. Häzirki wagtda bu hoşniýetli ýörelgelere daýanýan döwletara gatnaşyklary, özara ynama we goldawa esaslanýan hyzmatdaşlygymyz okgunly ösdürilýär. Siz azerbaýjan-türkmen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hem-de onuň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna uly goşant goşduňyz.

Biziň halklarymyzyň erk-islegine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt we Türkmenistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti


Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

türkmen halkynyň Milli Lideri,

Azerbaýjanyň hormatly Aksakgaly

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Azerbaýjanyň Aksakgallar Geňeşiniň adyndan Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň döwlet işgäri hökmünde baý tejribäňiz Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde we berkarar döwlet hökmünde kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Siziň başyny başlan özgertmeleriňiz türkmen halkynyň rowaçlygynyň ýokarlanmagyna ýardam berdi, şonuň netijesinde Siz Türkmenistanyň her bir raýatynyň tüýs ýürekden hormatyna mynasyp bolduňyz.

Sizi Azerbaýjanyň ýakyn dosty diýip ykrar etmek bilen Siziň öňdengörüjiligiňiziň we döwlet işgäri hökmündäki baý tejribäňiziň Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine ýardam berjekdigine, şeýle hem Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynanýarys. Size berk jan saglyk we doganlyk türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Eldar Guliýew,

Azerbaýjanyň Aksakgallar Geňeşiniň Başlygy, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Hasap toparynyň Başlygy

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026