HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BelTA: TIBO-23 halkara forumy 18-21-nji aprelde Minskide geçiriler

Fewral 07, 2023 | 17:00 |10201
Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça XXIX TIBO-23 Halkara forumy 18-21-nji aprelde Minskide geçiriler – diýip, Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça XXIX TIBO-23 Halkara forumy 18-21-nji aprelde Minskide geçiriler – diýip, Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.
Çeşme: belta.by

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça XXIX TIBO-23 Halkara forumy 18-21-nji aprelde Minskide geçiriler – diýip, Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrligine salgylanyp, BelTA habar berýär.

Ýurduň premýer-ministri Roman Golowçenko tarapyndan gol çekilen buýruga laýyklykda çäräniň guramaçylyk komitetiniň düzümi tassyklanyldy. Onuň düzümine ministrlikleriň, edaralaryň, birleşmeleriň we beýleki guramalaryň wekilleri girdiler, onuň başlygy edilip bolsa Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministri Konstantin Şulgan bellenildi.

Guramaçylyk komitetine TIBO-23-iň konsepsiýasyny işläp düzmek we tassyklamak, ekspozisiýany ýokary derejede guramak boýunça utgaşykly işleri üpjün etmek tabşyryldy, şeýle hem forumyň işewürlik çäreleriniň maksatnamasyny taýýarlamak we geçirmek tabşyryldy.

TIBO forumy — maglumatlar tehnologiýalary babatynda öňdebaryjy tejribäni paýlaşmak üçin, sanly transformasiýalaryň iň gowy dünýä tejribelerini seljermegiň we ykdysadyýetiň däp bolup gelýän pudaklarynda täze tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň ajaýyp meýdançasydyr. Bäş günüň dowamynda döwlet guramalary we hususy kompaniýalar öz işläp düzmelerini we tehnologiýalaryny hödürlärler.

Çäre 1994-nji ýyldan bäri Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ministrliginiň başlangyjy bilen geçirilýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026