HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Fewral 04, 2023 | 22:03 |9752
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri hem-de şähergurluşyk maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, paýtagtymyzyň günorta künjeginde N.Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly ulag köprüsiniň ýanynda saklandy.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýol-ulag düzüminiň işine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip belläp geçdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow ýoluny dowam edip, Bekrewe köçesiniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinde saklandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde köp gatnawly we gurluşygy babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän köpriniň bezeg aýratynlyklary, onuň gurluşygynda ulanylan serişdeleriň hil derejesi we bu künjegiň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäkleriniň giňelýändigini hem-de ulaglaryň sanynyň artýandygyny nazarda tutup, täze gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan ýollaryň ugrunda häzirki zaman ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeleriniň döredilmegine, yşyklandyryş ulgamyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmegine möhüm üns berilmelidigini belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we dag gerişlerinde çekilen Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri alnyp barylýar.

Soňra hormatly Arkadagymyz bu ýerden Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çägine geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ilki bilen bu ýerde Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşugynda alnyp barylýan işleri synlady.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesiniň “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory A.Jepbarowyň üstüne ýüklenýändigini belläp, oňa bu işleri alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň özüniň internet-saýtynyň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz onda Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlar öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerine ýüzlenip şäherleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, olarda amatly ýaşaýyş, döredijilik we dynç alyş şertleriniň döredilmegine zerur üns berilmelidir diýip belläp geçdi.

Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatyň Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň enjamlaşdyrylyşy, onuň bölümleriniň ýerleşdirilişi barada maglumat berýän çyzgylary we taslamalary görkezdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalary synlap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Merkeziň desgalarynyň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda onuň häzirki zaman üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerleriň, şol sanda olaryň ekologiýa ýagdaýynyň, seýsmiki durnuklylygynyň hem-de beýleki degişli görkezijileriň alymlar tarapyndan içgin öwrenilendigini aýdyp, bu işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri iş saparyny tamamlap, bu ýerden ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026