HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy $32 mln-dan geçdi

Fewral 04, 2023 | 13:05 |6606
Anna güni, 3-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $34,2 mln amerikan dollaryna we 5 mln türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy –diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Anna güni, 3-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $34,2 mln amerikan dollaryna we 5 mln türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy –diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Anna güni, 3-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $34,2 mln amerikan dollaryna we 5 mln türkmen manadyna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy –diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den we Owganystandan gelen işewürler gidrousulda arassalanan dizel ýangyjynyň her tonnasyna $932 amerikan dollaryny teklip edip, önümiň 35 müň tonnasyny satyn aldylar. Geleşigiň jemi bahasy $32,6 mln amerikan dollaryna deň boldy.

Serbiýadan gelen telekeçi buýan köküniň gury ekstraktynyň 315 müň tonnasyny $1,1 mln amerikan dollaryna satyn aldy. Önümiň her tonnasynyň bahasy - $3,5 müň amerikan dollaryna deň boldy.

Gazagystandan gelen işewür her tonnasyna $40 amerikan dollaryny berip, PS 500-G0-K kysymly portlandsementiň 5 müň tonnasyny satyn aldy we jemi bahasy $200 amerikan dollaryna deň bolan geleşik baglaşdy.

Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekili dürli ölçeglerdäki orta reňklerdäki boýalan tüýjümek önümleriň 55 müň kg $302,5 amerikan dollaryna satyn aldy.

Içerki bazarda ýerli telekeçi II görnüşli adaty gaplama plýonkasynyň 200 müň tonnasyny 5 mln TMT satyn aldy (her tonnasynyň bahasy – 25 müň türkmen manadyna deň).

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026