KazanForum 2023 sammitiniň işewür maksatnamasynyň konsepsiýasy kesgitlenildi


«Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk komiteti Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnulliniň baştutanlygynda sammitiň çäreleriniň meýilnamasyny we işewür maksatnamasynyň konsepsiýasyny makullady. Bu barada Tatar-inform habar berýär.
Resminama Moskwada foruma taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk komitetiň birinji mejlisinde gol çekildi. Konsepsiýa 15 ugur boýunça 127 sessiýa girizildi.
Komitetiň sekretary, Maýa goýum ösüşi agentliginiň baştutany Taliýa Minullinanyň bellemegine görä, öňki geçirilen çärelerden tapawutlylykda, KazanForumyň gerimi has uly bolar.
«Bu hem myhmanlaryň ýokary derejesi, hem meýdançada gol çekilmeli resminamalaryň sanynyň artmagydyr. Gatnaşyjylaryň sany boýunça hem onuň artmagyna garaşýarys» – diýip ol aýtdy, her bir sessiýanyň gurnalmagy – bu federal merkez bilen we yslam ýurtlaryndan bolan kärdeşler bilen uly pudagara işdir – diýip, nygtady.
Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde çykyş etmek bilen, Russiýanyň wise-premýeri Marat Husnullin ajaýyp meýdança bolmak bilen, KazanForum rus-yslam dialogynyň binýadyny pugtalandyrar – diýip,belledi.
«Hilli ösüş üçin esas eýýäm döredildi: soňky üç ýylyň dowamynda Russiýanyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň döwletleri bilen haryt dolanyşygy 26,6% artdy» - diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.
Halkara ykdysady forumy «Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum» 2023-nji ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriler. Bu ýyldaky duşuşygyň temasy – «Häzirkizaman hakykatynda ykdysady hyzmatdaşlyk».
ORIENT habarlar








