Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleri hem-de Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň üçüsi we Mejlisiň Kararlarynyň ikisi kabul edildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary şu ýylyň birinji aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada, gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada, ýurdumyzyň ylym, bilim, medeniýet pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. Soňra hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garagum derýasynyň durkuny täzelemek we kenaryny berkitmek işlerine girişmek üçin taýýarlyk görüp başlamagyň, bu ugurda edilmeli işleriň taslamasyny taýýarlamagyň, ony amala aşyrjak potratçy gözlemegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem Hazar deňziniň suwuny süýjediji desgalary gurmak boýunça iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmegi, döwrebap läbik sorujylary we ýörite tehnikalary satyn almak boýunça degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem Çeper höwesjeň kollektiwlerine “Halk” adyny bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow höwesjeň toparlaryň derejesini ýokarlandyrmakda we olaryň döredijilik taýdan mundan beýläk-de ösmeginde “Halk” adyny bermegiň ähmiýetini nygtap, degişli Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Pudak ýolbaşçylary tarapyndan işleriň belli bir derejede alnyp barylýandygyna garamazdan, heniz pudaklar we sebitler boýunça ýerine ýetirilmeli işler, amala aşyrylmaly çäreler we öňümizde durýan wezipeler köp.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow indiki hepdede ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we häkimleriň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Mejlisde geçen 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemleniler, kabul edilen maksatnamalaryň we berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi seljeriler, şeýle hem döwlet dolandyryşy bilen bagly birnäçe beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, şu gün ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we ençeme beýleki meselelere seredilendigini, pudaklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň kabul edilendigini belledi.








