HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Fewral 03, 2023 | 21:54 |7307
3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirmek üçin Türkmenistanyň Serhet institutyna geldi.3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirmek üçin Türkmenistanyň Serhet institutyna geldi.
Çeşme: Watan

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

3-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirmek üçin Türkmenistanyň Serhet institutyna geldi. Soňra Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçen 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanan Türkmenistanyň döwlet howpsuzlşyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewa söz berdi. Gündogdyýew geçen ýyl ýurdumyzyň goranyş ukybyny güýçlendirmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Soňra ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hukuk goraýjy edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, ýurdumyzda jemgyýetçilik-düzgün tertibini saklamagyň we hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almagyň şeýle hem öňdebaryjy tejribäni we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, kanunçylygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, G.Ussanepesowy başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz B.Hojamgulyýewi Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine belledi. Hojamgulyýew bildirilen ýokary ynam üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de ýurdumyzyň mukaddes döwlet baýdagyna tagzym edip, halkymyza, watanymyza, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdigine kasam etdi. Mejlisiň barşynda Döwlet Baştutanymyz M.Söýünowy başga işe geçmegi sebäpli, Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy T.Hudaýnazarowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyp, ony Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi. Şeýle hem başga işe geçmegi sebäpli, Ö.Muhammedow Ýokary kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiz bu wezipä G.Hudaýberdiýewi belledi we ony Mary welaýat kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Soňra Milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew ministrlik tarapyndan 2022-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy saklamak boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, başga işe geçmegi sebäpli, G.Annaýewi milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyp, degişli Permana gol çekdi. Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, N.Atagaraýewi milli howpsuzlyk ministri wezipesine belläp, ony Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminama gol çekdi. Atagaraýew bildirilen ýokary ynam üçin, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Milli howpsuzlyk ministrliginiň täze ýolbaşçysy mukaddes ýaşyl tugumyza tagzym edip, halkymyz, watanymyza, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdigine kasam etdi. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Welisahatowy Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belledi. Welisahatow bildirilen ýokary ynam üçin, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, mukaddes ýaşyl tugumyza tagzym etdi hem-de Watanymyza, halkymyza, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdigine kasam etdi. Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mejlisiniň karary bilen goşun generaly diýen harby adyň dakylmagy bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň hem-de işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden gutlap, Watan goragçylarynyň watanymyza, mähriban hallkymyza, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy. Mejlisde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna goşun generaly diýen harby adyň nyşany dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi tamamlap, hemmelere berk јan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de bu ýerden ugrady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026