HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

Fewral 03, 2023 | 21:58 |9518
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri  
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Türkmen halkynyň Milli Lideri  
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Çeşme: Watan

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen halkynyň Milli Lideri
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul ediň.

Siz köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň we Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak bilen, ýurduňyzy durmuşyň ähli ulgamlaryndaky ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýarsyňyz.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda doganlyk Türkmenistan, hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatyna eýerip, özüniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmakda uly üstünlikleri gazandy.

Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine goşan saldamly goşandyňyzy bellemek isleýärin.

Köpasyrlyk umumy taryha esaslanýan täjik-türkmen gatnaşyklarynyň ilerledilmegine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyňyza umyt edýärin.

Gadyrly dostum we doganym, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Emomali Rahmon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen halkynyň Milli Lideri
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz we Türkmen halkynyň Milli Lideri diýip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz bilen gutlamaga rugsat ediň.

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Siziň türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryňyz hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, halkyň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna we ýurduňyzyň durnukly ösüşi üçin berk binýadyň döredilmegine goşan bimöçber goşandyňyz ykrar edildi.

Gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň däp bolan köpasyrlyk dostluk we hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän özara goldaw bilen häsiýetlenýändigini uly kanagatlanma bilen belleýärin.

Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, özara bähbitli we strategic hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek ugrunda mundan beýläk-de tagallalarymyzy dowam etjekdigimize berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we döwlet işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr Žaparow, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyz!

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenmegiňiz türkmen halkynyň öz ykbalyny Sizden üzňe göz öňüne getirmeýändiginiň, Size bolan çäksiz sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Owganystana berýän yzygiderli hemaýat-goldawlaryňyz we ynsanperwer kömekleriňiz üçin Size we Arkadagly Serdarymyza sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Biz ata Watanymyz Türkmenistanda bolup geçýän her bir özgertmeleri we täzelikleri uly buýsanç bilen kabul edýäris hem-de ýetilen sepgitlere tüýs ýürekden guwanýarys.

Çuňňur hormatlanylýan Gahryman Arkadagymyz, Size uzak ömür, berk jan saglyk, alyp barýan belent maksatly, taryhy ähmiýetli tutumly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Owganystan türkmenleriniň geňeşiniň başlygynyň orunbasary Amanullah Hakýar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026