HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Inžener-tehnologik uniwersiteti orta mekdep okuwçylary üçin gollanmalary taýýarlar

Fewral 02, 2023 | 20:48 |12483
Mugallymlary orta mekdep okuwçylary üçin okuw gollanmalarynyň  üstünde işleýärler.Mugallymlary orta mekdep okuwçylary üçin okuw gollanmalarynyň  üstünde işleýärler.
Çeşme: Artur PETROSYANS

Mugallymlary orta mekdep okuwçylary üçin okuw gollanmalarynyň üstünde işleýärler.

Leksiýa materiallary Türkmenistanda başlanan we tutuş ýurdy öz içine alýan ilkinji integral olimpiadanyň çäklerinde dörediler. Bu gollanmalar bäsleşigiň birinji tapgyryny üstünlikli geçen okuwçylar üçin elýeter bolar.

Okuw ýygyndylary matematika, fizika, himiýa, biologiýa we iňlis dili ýaly ugurlar boýunça 9, 10, 11-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir. Gollanmalar mekdep meýilnamasynda göz öňünde tutulan esasy mowzuklar boýunça bilimleri giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologik uniwersitetiniň mugallymlarynyň ORIENT-e habar berşi ýaly, bu goşmaça material umumybilim berýän mekdep okuwçylaryna integrirlenen olimpiadanyň indiki tapgyrlaryna taýýarlanmaga we bilim gorlaryny doldurmaga mümkinçilik berer.

«Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiada umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk ylmy ugurly dersler boýunça badalga aldy. Okuw bäsleşigi Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologik uniwersiteti tarapyndan guraldy.

Artur PETROSYANS

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026
Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

Belgiýanyň premýer-ministri býujet gepleşikleriniň netijesiz tamamlanmagyndan soň işinden çekilmek barada arza berdi

13:00 Noýabr 04, 2026