HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda binagärlige we dizaýna bagyşlanan bäsleşikli sergi geçiriler

Fewral 03, 2023 | 11:40 |7465
11-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki zaman binagärligine we dizaýnyna bagyşlanan bäsleşikli sergi geçiriler – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.11-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki zaman binagärligine we dizaýnyna bagyşlanan bäsleşikli sergi geçiriler – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: education.gov.tm

11-nji martda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde häzirki zaman binagärligine we dizaýnyna bagyşlanan bäsleşikli sergi geçiriler – diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Gözden geçirilişe mekdep okuwçylary, orta hünär mekdepleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, şeýle hem ýaş hünärmenler gatnaşyp bilerler.

Gatnaşyjylar üç dereje boýunça öz işläp düzmelerini we taslamalaryny hödürläp bilerler – ýaşaýyş jaýlary; medeni binalar we seýilbaglar; örän gowy model ýa-da 3D animasiýa. Ýüz tutmalar Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transferi merkezinde kabul edilýär. Dürli guramalaryň wekillerinden durýan bäsleşigiň eminleri her taslama 1 baldan 10 balla çenli baha bererler.

Gözden geçirilişiň esasy maksady – zehinli ýaş binagärleri we dizaýnerleri ýüze çykarmak, olary geljekde Türkmenistanda amala aşyrylyp bilinjek täze taslamalary döretmäge höweslendirmekdir.

Sergi Bilim, Binagärlik we gurluşyk ministrlikleri, ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tehnologiýalaryň transferi merkezi tarapyndan geçirilýär.

Bäsleşik barada jikme-jik maglumatlar bilen şu salgylanma tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

Reýndäki suwuň derejesiniň peselmegi Germaniýanyň ykdysadyýetine uly ýitgileriň howpuny döredýär

21:00 Sentýabr 15, 2026
Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Aşgabatda Hindi dili güni bellenildi: Türkmenistanyň we Hindistanyň ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrylýar

19:27 Sentýabr 15, 2026
Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

Gazagystanda 2 million dollar baýrak gaznaly halkara AI-kinofilm festiwaly geçiriler

19:19 Sentýabr 15, 2026