HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň finaly geçirilýär

Fewral 01, 2023 | 01:17 |10609
Aşgabatda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlaryna badalga berildi. Aýlaw ulgamy boýunça geçýän ýaryş häzirki günde ýurduň iň güýçli küştçi zenanlarynyň  14-sini bir ýere jemledi. Olaryň her biri ýaryşa gatnaşyjylaryň hemme beýlekileri bilen küşt tagtasynyň başynda duşuşarlar. Aýal-gyzlar birinji liga, 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen çempionat we munuň öňýanyndaky ýokary liga bilen birlikde, dürli kwalifikasion ýaryşlardan saýlanylyp alyndylar.Aşgabatda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlaryna badalga berildi. Aýlaw ulgamy boýunça geçýän ýaryş häzirki günde ýurduň iň güýçli küştçi zenanlarynyň  14-sini bir ýere jemledi. Olaryň her biri ýaryşa gatnaşyjylaryň hemme beýlekileri bilen küşt tagtasynyň başynda duşuşarlar. Aýal-gyzlar birinji liga, 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen çempionat we munuň öňýanyndaky ýokary liga bilen birlikde, dürli kwalifikasion ýaryşlardan saýlanylyp alyndylar.
Çeşme: provided by the Chess Federation of Turkmenistan

Aşgabatda zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň oýunlaryna badalga berildi. Aýlaw ulgamy boýunça geçýän ýaryş häzirki günde ýurduň iň güýçli küştçi zenanlarynyň 14-sini bir ýere jemledi. Olaryň her biri ýaryşa gatnaşyjylaryň hemme beýlekileri bilen küşt tagtasynyň başynda duşuşarlar. Aýal-gyzlar birinji liga, 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen çempionat we munuň öňýanyndaky ýokary liga bilen birlikde, dürli kwalifikasion ýaryşlardan saýlanylyp alyndylar.

Häzirlikçe geçirilen iki tapgyrdan soň, oýnalan iki oýny-da utup, 2 utukdan toplan küştçi gyzlaryň üçüsi öňde barýar. Olar – FIDE-niň ussady Läle Şöhradowa, Gülmire Seýilhanowa (ikisi-de Lebap welaýatyna wekilçilik edýär) hem-de 20 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň arasynda çempion bolan Merýem Agajanowa (Aşgabat).

Olardan ýurduň häzirki çempiony, FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa ýarym utuk yzda barýar. Ol birinji tapgyrda ýarym utuk ýitirendigine garamazdan, ýaryşda ýeňiş gazanjak esasy garşydaş hasaplanmagyny dowam edýär. Birinji tapgyryň döwleriniň biriniň wideo-seljermesini şu ýerden görüp bolar.

1-nji fewralda geçiriljek 3-nji tapgyrda 1-nji orundan 4-nji orun aralygyny eýeleýän hemme öňdebaryjylar bir-biri bilen duşuşarlar. Läle Şöhradowa Merýem Agajanowa bilen oýnap, 20 ýaşa çenli gyzlaryň arsynda ýakynda geçirilen çempionatda utulmagynyň öwezini dolmaga synanyşar. Jemal Öwezdurdyýewa bolsa ak mallarda çykyş edip, häzirlikçe utuk ýitirmän gelýän Gülmire Seýilhanowany ýeňmäge synanyşar.

Ýaryşyň ýeňijilerinden Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary dörediler. Çempionat 11-nji fewrala çenli dowam eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026